28-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer Bahar Seýidowa sentýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Geljek aýyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp dürli dabaralar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar hem-de teatrlarda täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri guralar.
Şeýle hem «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary geçiriler. Şanly sene mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak, Baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagyny galdyrmak, Döwlet münberiniň öňünde dabaraly ýöriş hem-de Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňündäki dabaralara düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutany ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.