Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Batyr Mämmedow Bilimler we talyp ýaşlar gününe, 2026–2027-nji täze okuw ýylyna hem-de «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçiriler.
Şeýle-de, 1-nji synpa barýan okuwçylaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Bilimli» noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralary geçiriler.
Habar berlişi ýaly, Bilimler güni mynasybetli şular açylyp ulanmaga berler:
- Ahal welaýatynda 960 orunlyk orta mekdep;
- Ahal welaýatynda 320 orunlyk çagalar bagy;
- Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk çagalar bagy;
- Lebap welaýatynda 1 müň orunlyk 2 sany orta mekdep.
Şunuň bilen birlikde, sentýabr aýynyň dowamynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly däbe öwrülen bir aýlyk geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar gününi hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de, 1-nji synp okuwçylaryna döwrebap kompýuterleri gowşurmak işlerini we ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça bir aýlyk çäreleri guramaçylykly geçirmek bellenildi.