Google kompaniýasy janly gepleşige has gowy düşünmäge niýetlenen Gemini 3.5 Transcribe atly täze modeli tanyşdyrdy. Ol gürrüňdeşlikde artykmaç, parazit sözlerden gaça durmaga, aýdylýanlary şol wagtyň özünde dürli dillere terjime etmäge we gürrüňiň mazmunyny kontekste görä has gowy seljermäge ukyplydyr.
Model hem adaty sesli ýazgylar, hem-de Gemini emeli aň kömekçisi bilen aragatnaşyk saklamak üçin ulanylyp bilner. Onuň tapawutly taraplarynyň ýene biri, dildäki goýberilen ýalňyşlary çalt düzedip bilmegidir.
Google meýilnamalaryň üýtgeýşi bilen bagly bir mysaly getirýär: eger adam ilki dostuna bir kafede duşuşmagy teklip edip, soňra pikirinden dänip, başga bir ýeriň adyny agzasa, Gemini 3.5 Transcribe öňki salgyny aýyrýar we iň soňky, gerekli bolan täze maglumaty saklaýar.
Şeýle hem model artykmaç ümlükleri we dili bökdeýän beýleki parazit sözleri tanap, jemleýji teksti has arassa we ýerbe-ýer edýär. Mundan başga-da, ol gürrüňdeşlik dowam edýän wagty gönümel dürli dillere terjime edip bilýär.
Google-yň berýän maglumatyna görä, kompaniýanyň geçiren ähli synaglarynda Gemini 3.5 Transcribe bäsdeşlerinden, aýratyn hem ElevenLabs Scribe v2 modelinden has ýokary netijeleri görkezdi.
Programmaçylar modeliň API görnüşini eýýäm öz önümlerine birikdirip bilerler. Gemini 3.5 Transcribe-y Google AI Studio platformasynda, Android üçin Gboard klawiaturasynda we macOS üçin Gemini goşundysynda synap görmek bolýar. Geljekde Google bu modeli Chrome brauzerine goşmagy-da meýilleşdirýär.