Zaha Hadid Architects Aşgabatdaky CIET 2026 sergisinde binagärlik tejribesini paýlaşar

Düýn, 17:201,673
1 / 3

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosy «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatyna we sergisine — CIET 2026-a gatnaşar. Çäre 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler.

Zaha Hadid Architects-iň direktory Manuela Gatto döwrebap binagärlik, durnukly taslamalaşdyryş, şäher gurluşygyny ösdürmek we çylşyrymly infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak babatda halkara tejribesini hödürlär.

CIET 2026-da gurluşyk, senagat, energetika, himiýa pudagyny, infrastrukturany we sanlylaşdyrma ulgamyny ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine serediler. Býuronyň gatnaşmagy bolsa mowzuklaýyn maslahatlaryň gerimini has-da giňelder.

Zaha Hadid Architects üçin foruma gatnaşmak Türkmenistan bilen hünär hyzmatdaşlygynyň dowamy bolar. 2026-njy ýylyň maý aýynda býuronyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat» XXV Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy. Bu ýerde binagärlige, durnukly ösüşe we şäher infrastrukturasyna bolan döwrebap çemeleşmeler maslahatlaşyldy.

Zaha Hadid Architects 1980-nji ýylda Londonda yrak-britan binagäri, dekonstruktiwizm wekili Zaha Hadid tarapyndan esaslandyryldy. Ol býurony binagärlik, şäher gurluşygy we dizaýn ugrunda öňdebaryjylaryň birine öwürdi.

Esaslandyryjy 2016-njy ýylda aradan çykandan soň, býuronyň işi binagärleriň we hünärmenleriň halkara toparynyň ýolbaşçylygynda dowam etdi.

ZHA-nyň iň belli taslamalarynyň arasynda Hytaýdaky Pekin Dasiň (Beijing Daxing) halkara howa menzili we Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherindäki patyşa Abdalla adyndaky Nebit pudagynda barlaglar we işläp taýýarlamalar merkeziniň toplumy (King Abdullah Petroleum Studies and Research Center) bar. Taslamalaryň ikisi-de binagärligiň, inženerlik çözgütleriniň, döwrebap tehnologiýalaryň we energiýa netijeliligine bolan talaplaryň utgaşmasynyň nusgasy boldy.

CIET 2026 «Innowasiýalar. Maýa goýum. Ösüş» şygary astynda geçer. Forum döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň, maýadarlaryň, binagärleriň, inženerleriň we tehnologiýa kompaniýalarynyň wekillerini jemlär.

Foruma şahsy gatnaşmak üçin CIET 2026-nyň resmi saýtynda hasaba alynmak mümkin

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.