«Sowugyň şasy» buzly suwuň içinde 1,5 sagat oturyp, dünýä rekordyny täzeledi

Düýn, 17:155,573
1 / 2

«Sowuklygyň şasy» lakamy bilen tanalýan 41 ýaşly polşaly Damian Kaspşik buzly suwuň astynda 1,5 sagat geçirip, çydamlylyk boýunça eýýäm üçünji gezek dünýä rekordyny täzeledi. Onuň bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bu synanyşyk Kaspşikiň çak edişinden has çylşyrymly boldy. Ilki-hä enjamlar bilen bagly tehniki näsazlyklar ýüze çykdy, suwa çümmeli wagty geleninde bolsa ol öz topary bilen habarlaşyp bilmedi.

«Ýagdaýyň çylşyrymlaşmagyna başda enjamlar zerarly dörän meseleler sebäp boldy. Şolam biraz ünsi başga ýana sowdy» diýip, Kaspşik gürrüň berdi.

Bu polşaly türgeniň çydamlylyk synaglarynda gazanan üçünji dünýä rekordydyr. Mundan öň ol diňe suwda ýüzülýän gysga balakda bäş sagatlap buza doly galtaşyp durupdy. 2026-njy ýylyň iyulynda bolsa Kaspşik 2 sagatdan  gowrak gara gömlüp ýatdy.

Täze üstünlik tassyklanandan soň, rekordçy gazanan netijesinden aňryýany bilen kanagatlanýandygyny we eýýäm nobatdaky synag barada pikirlenýändigini ýaňzytdy.

«Men eýýäm indiki synaga taýýarlyk görüp başladym, olam sowugyň täsiri we ekstremal şertlerde adamyň çydamlylyk derejesini barlamak bilen bagly bolar» diýip, Damian Kaspşik gürrüň berdi.

Zenanlaryň arasynda şeýle rekord polşaly Mariýa Bodaýa degişlidir. Ol 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda buzuň aşagynda 1 sagat 38 sekunt durmagy başarypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.