The Times: FIFA Infantinonyň abraýyny galdyrmak üçin $3,1 mln çykdajy eder

Şu gün, 10:301,632

FIFA Londondaky Ten Toes Media marketing agentligi bilen, takmynan, 3,1 million dollarlyk şertnama baglaşdy. The Times gazetiniň habar bermegine görä, bu agentlik guramanyň we onuň prezidenti Janni Infantinonyň abraýyny galdyrmak bilen meşgullanar.

Resmi ylalaşyga 2025-nji ýylyň mart aýynda gol çekilip, ol 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket edýär. Çeşmede agentligiň agzalan işlerden başga-da, FIFA-nyň sosial torlaryndaky sahypalaryny dolandyrmaga kömek edýändigi hem bellenilýär.

Bu maglumat Infantinonyň «FIFA Forward Enterprise» atly täze kompaniýany döretmek başlangyjynyň daşyndaky jedeller dowam edýän döwründe peýda boldy. Bu kompaniýa FIFA-nyň erkekler we zenanlar arasyndaky esasy ýaryşlara gözegçilik etmelidi. Ol gurama 4,2 milliard dollar girdeji getirmelidi. Emma bu başlangyç ýowuz tankytlara sezewar boldy. UEFA, CONCACAF, Aziýanyň Futbol konfederasiýasy hem-de CONMEBOL ony çürt-kesik ret etdi. Netijede, FIFA kompaniýany döretmek pikirinden el çekdi we resmi ýagdaýda ötünç soramaly boldy.

The Times gazetiniň ýazmagyna görä, Ten Toes Media agentligi bilen «abraýy ýuwmak» boýunça hyzmatdaşlyk bu wakalardan has öň, entek «FIFA Forward Enterprise» taslamasy barada köpçülige mälim edilmänkä ýola goýlupdyr.

56 ýaşly Infantino 2016-njy ýylyň fewralyndan bäri FIFA ýolbaşçylyk edýär. Şondan bäri ol hiç hili bäsdeşsiz iki gezek gaýtadan prezidentlige saýlandy.

FIFA-nyň prezidentiniň nobatdaky saýlawlary 2027-nji ýylyň martynda Marokkoda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.