Ahal we Lebap welaýatlarynda täze mekdepler açylyp ulanmaga berildi

Şu gün, 06:161,733

1-nji sentýabrda Ahal we Lebap welaýatlarynda bilim ulgamynyň täze döwrebap desgalarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» neşiri habar berýär.

Ahal welaýatynda birbada iki edara: Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň Tagan Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginde 960 orunlyk täze orta mekdep we Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde 320 orunlyk çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi. 

Baýramçylyk çärelerine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýerli häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şeýle hem ene-atalar we okuwçylar gatnaşdy.

Lebap welaýatynda okuwçylar üçin iki mekdep öz gapysyny açdy — Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Dury ýap obasynda 28-nji orta mekdep we Farap etrabynyň Bozaryk obasynda 600 orunlyk mekdep.

Dury ýapdaky bilim edarasy «Astana gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan guruldy we ol 400 okuwça niýetlenýär. Ikinji mekdep bolsa «Bäş nur» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy.

Mekdeplerde we çagalar bagynda ýaş nesiller üçin ähli zerur şertler döredildi. Bilim edaralary döwrebap kompýuter tehnologiýalary, görkezme gollanmalary bilen üpjün edildi. Şeýle-de, sport we oýun meýdançalary, ylgaw ýodalary göz öňünde tutuldy. Synplary enjamlaşdyrmakda ýerli öndürilen ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallary ulanyldy.

Täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň çäklerinde aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.