Ýitip gitmek howpunyň astynda bolan kakapo totuguşlarynyň populýasiýasy soňky 75 ýylyň içinde ilkinji gezek 300 başdan geçdi. Bu guşlar Täze Zelandiýada ýaşaýar diýip, «The Guardian» ýazýar.
Kakapo — dünýäde iň agyr totuguş hasaplanyp, olaryň agramy dört kilograma çenli ýetip bilýär. Olar uçup bilmeýär we esasan, gijelerine hereket edýär. Birwagtlar bu guşlar tutuş Täze Zelandiýada giňden ýaýran hem bolsa, ýyrtyjylaryň peýda bolmagy bilen olaryň sany ep-esli azaldy. 1900-nji ýyla çenli kakapolar doly ýitip gitmek howpuna golaý geldi. 1995-nji ýylda olaryň sany bary-ýogy 51 başa ýetende, guşlaryň populýasiýasyny dikeltmek boýunça ýörite maksatnama işe girizildi.
2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda kakapo 90 jüýje köpeldi, netijede, olaryň umumy sany 325-e ýetdi.
«Populýasiýany dikeltmegiň ilkinji ýyllarynda şeýle mukdarda jüýje almak üçin 16 ýyl gerek bolupdy» diýip, dikeldiş maksatnamasynyň ýolbaşçysy Deýdre Werko aýtdy.
Kakapolar iki-dört ýylda bir gezek - ýerli rimu agaçlarynyň köp mukdarda miwe berýän döwründe köpelýär. Werkonyň aýtmagyna görä, nobatdaky köpeliş möwsümi eýýäm 2028-nji ýylda başlap biler.
Bu guşlar 60–80 ýyl töweregi ýaşaýar. Jüýjeler ýaşaýşynyň 150-nji gününe çenli per çykarýar we şol ýaşdan başlap olar özbaşdak diýlip hasaplanýar. 2026-njy ýylyň köpeliş möwsüminde iň ýaş guş 30-njy martda ýumurtgadan çykan urkaçy kakapo boldy.