Amerikaly aktýor we režissýor Jorj Kluni dünýä kinematografiýasyna goşan goşandy üçin «Altyn ýolbars» baýragy bilen sylaglandy. Baýrak 83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň açylyş dabarasynda gowşuryldy.
Kluni dabara ýanýoldaşy Amal bilen bilelikde geldi.

Aktýora heýkeljigi onuň kärdeşi hem-de köp ýyllyk ýakyn dosty Lora Dern gowşurdy. Ol çykyşynda Klunini «bolup biläýjekleriň arasynda iň gowy dost» hem-de tanaýan iň şadyýan adamlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi. Dern, şeýle-de Bred Pittden, Adam Sendlerden, Stiwen Soderbergden we Jorj Kluniniň beýleki kärdeşleridir dostlaryndan gelen ýüzlenmeleri okap berdi.
«Altyn ýolbarsy» kabul eden Kluni tutuş döredijilik ýolunda özüni goldan adamlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi:
«Bu aslynda karýera-da däl, has dogrusy, bagtly tötänlikleriň yzygiderligi boldy. Bir kişi maňa ilkinji işimi berdi, ýene biri — ikinjisini. Režissýor mende özümiň hem görmeýän zadymy gördi. Ssenariçi maňa mynasybyndan has gowy jümleleri ýazyp berdi».
Kluni öz çykyşynyň bir bölegini häzirki döwrüň möhüm meselelerine, wehimiň we awtoritarizmiň döwründe sungatyň eýeleýän ornuna bagyşlady. Ol emeli aň, dipfeýk, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli babatda milliarderleriň eline geçmegi, şeýle-de adamlaryň birek-birege duýgudaşlyk etmekleriniň wajyplygy barada pikirlerini paýlaşdy.
Şonuň ýaly-da 65 ýaşly aktýor bu baýragyň özüne «ömrüniň dowamynda gazanan üstünlikleri üçin gowşurylmagyndan» heder edip, «guramaçylar meniň bilen bagly özümiň bilmeýän bir zatlarymdan habarly bolaýmasyn» diýip pikir edendigini aýtdy:
«Bu festiwal, gürrüňsiz, meniň iň söýgüli festiwalym. "Altyn ýolbarsy" almak bolsa meniň üçin uly mertebe. Mümkin, bu meniň garrap barýandygymy hem aňladýandyr, ýöne men şonda-da diýseň begenýän».