Bir belgini iki iPhone-da ulanyp bolar: jaňlar haýsy telefona geler we nädip?

04.09.2026, 18:383,644

MacRumors-yň neşiriniň habar bermegine görä, iOS 27-niň synag görnüşinde bir eSIM belgini iki sany iPhone-da ulanmaga mümkinçilik berýän iPhone Handoff funksiýasy ýüze çykaryldy.

Bu funksiýa ilkinji gezek iýun aýynda WWDC 2026 tanyşdyrylyşynyň slaýdlarynda peýda bolupdy. Ýakynda bolsa MacRumors forumyndaky agzalaryň biri onuň nähili işleýändigini wideoda görkezdi. Ol munuň üçin hakyky iPhone-lary däl-de, Xcode 27 ulgamynda işledilen iki sany wirtual iPhone ulandy.

Ilki bilen bellemeli zat: gürrüň eSIM, ýagny enjamyň içine gurnalan we adaty plastik SIM-kartanyň ýerini tutýan sanly telefon belgisi barada barýar. Ony ulanmak üçin fiziki karta çykarylmaýar: eSIM-iň profili operator tarapyndan internet arkaly ýüklenýär.

iPhone Handoff sazlamalarda «Öýjükli aragatnaşyk» (Cellular / Mobile Data) bölüminde ýerleşýär. Ulanyjy esasy iPhone-y saýlaýar, ikinji enjam bolsa kömekçi hökmünde işleýär.

Esasy eSIM birinji iPhone-da galýar. Nyrhnamany dolandyrmak, hyzmatlary birikdirmek we öýjükli aragatnaşyk sazlamalaryny üýtgetmek hem şol iPhone arkaly amala aşyrylýar. Goşmaça eSIM — funksiýa sazlanýan wagty operator tarapyndan berilýär. Netijede, iki iPhone hem bir belgi bilen işleýär.

Öýjükli aragatnaşyk sazlamalaryny birinji iPhone-dan üýtgedip bolýar. Enjamyň ýerleşýän ýeri (geopozisiýa) baradaky maglumatlar bolsa şol pursatda belginiň işjeň bolan enjamyna görä görkezilýär.

Ol nähili işleýär:

  • Müşderä jaň geleninde, ol haýsy iPhone-y soňky gezek ulanan bolsa, jaň hem şol telefona barýar.
  • Ikinji iPhone-y eliňize alan badyňyza, işjeňlik göni şol enjama geçýär. Ekranda öýjükli aragatnaşygyň indi şol iPhone-da işleýändigi barada duýduryş peýda bolýar.
  • Artykmaç goh ýa-da bulaşyklyk bolmaz ýaly, jaň diňe şol wagt işjeň bolan iPhone-a gelýär.
  • Işjeň iPhone-yň zarýady gutaran halatynda ikinji iPhone işjeňligi awtomat ýagdaýda öz üstüne alýar. Şonda oňa gelýän jaňlary we habarnamalary adaty ýagdaýda kabul edip bolýar.

Funksiýa ulanyş girizilse, onuň işlemegi üçin aragatnaşyk operatorlarynyň goldawy gerek bolar. MacRumors forumynda bu ulgamy ilkinjileriň hatarynda ABŞ-da T-Mobile hem-de Germaniýada Deutsche Telekom kompaniýalarynyň hödürläp biljekdigi aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.