Düşürilenine tas 200 ýyl bolan taryhdaky ilkinji surat Fransiýada görkeziler

Düýn, 15:054,241
1 / 5

«Le-Grasdaky penjireden görnüş» atly dünýäde iň gadymy fotosurat, takmynan, 60 ýyldan soň ilkinji gezek Fransiýada görkeziler. Nisefor Nýepsiň bu suraty 2027-nji ýylyň aprel aýynyň aýagyndan iýunyň ahyryna çenli Şalon-sýur-Son şäherindäki Nisefor Nýeps muzeýinde sergilener.

«Geliosyň eliniň yzy. 1826–1827: Nýeps suratkeşligi oýlap tapýar!» atly sergi fotosurat sungatynyň 200 ýyllygyna bagyşlanýar. Takmynan, 1826–1827-nji ýyllarda döredilen bu suratda Nýepsiň Burgundiýadaky maşgala mülküniň penjiresinden açylýan görnüş surata alnypdyr. Galaýy plastinkada jaýlaryň öň tarapyny, ammaryň üçegini, agajy we demkeşi saýgaryp bolýar.

Suratda adaty ýagdaýda zat saýgarmak kän bir mümkin däl. Ony synlamak üçin ýagtylygyň belli bir düşýän burçuna tutmaly. Surata almagyň özi hem birnäçe sagada çekip, Nýeps ony oýlap tapan geliografiýa usuly arkaly amala aşyrypdyr.

1827-nji ýylda oýlap tapyjy açyşynyň jemgyýetde uly gyzyklanma döretjegine umyt edip, plastinkany Angliýa alyp gidýär, ýöne ol ýerde bu açyşa uly ähmiýet berilmeýär. Wagtyň geçmegi bilen bu surat ýatdan çykarylýar. Şeýlelikde, Nýepsiň ykrar edilmek baradaky arzuwy hasyl bolman galýar. Ol 1833-nji ýylda aradan çykýar.

Suraty 1952-nji ýylda nemes sungat taryhçysy Helmut Gernshaým tapýar. Ol on bir ýyl soň, ýagny 1963-nji ýylda suraty Ostindäki Tehas uniwersitetine gowşurýar. Şondan bäri plastinka, takmynan, 60 ýyllap şol ýerde saklanýar.

Häzirki wagtda Fransiýa dolanyp gelen bu taryhy fotosuraty muzeýe gelen her bir adam onlarça ýyldan bäri ilkinji gezek synlap biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.