Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýokary sylagy gowşuryldy

Şu gün, 02:273,431

Niderlandlarda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly baýrak bilen sylaglandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Mejlisde Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çykyş edip, assosiasiýada ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly goşant goşan adamlara hemişe ýokary baha berilýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem bu ugurda uly işleri bitirendigini aýratyn nygtady.

Marian Weltewreden öz çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hem-de meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilendigini belledi.

Şeýle hem ol türkmen bedewiniň milli baýramynyň uly dabaralar bilen bellenilmegini, Milli Lideriň ahalteke beedewleri barada ýazan kitaplaryny hem-de ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini bu ugurdaky beýik işleriň aýdyň miwesi hökmünde görkezdi.

Soňra Marian Weltewreden Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan türkmen halkynyň Milli Liderine «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýragy we degişli Kubogy gowşurdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony, ilkinji nobatda, türkmen halkyna hem-de behişdi bedewleriň watany bolan Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.