5-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (The Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi.
2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu abraýly bäsleşige Hytaý, Singapur, Germaniýa, Ýaponiýa we Fransiýa ýaly 14 döwletden 100-den gowrak iň ökde türgen gatnaşdy. Gatnaşyjylar iki sagadyň dowamynda diňe ýatdan hasaplamak arkaly matematikanyň çylşyrymly ugurlary boýunça bäsleşdi.
Türkmenistandan saýlama tapgyryň netijesinde bäsleşige kabul edilen 12 sany mekdep okuwçylarynyň birnäçesi 2000 baldan ýokary netije görkezdi. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy, 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä çempionatynda 3-nji orny eýeledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň mental arifmetika boýunça ilkinji milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň ýokary bal alan gatnaşyjylaryň ilkinji sekizligine girdi.
Germaniýadaky çempionatda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» okuw merkeziniň mental arifmetika mugallymy Jahan Durdymämmedowa we matematika mugallymy Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdi.
Geçen ýyl hem bu abraýly halkara ýaryşda türkmen okuwçylary üstünlikli çykyş edip, ilkinji onluga girmegi başarypdy.