Alymlar Ebola ýokanjynyň öýjüklere aralaşmagyna päsgel berýän täze synag dermanyny işläp taýýarlady. Geçirilen barlaglarda bu madda wirusyň ýokançlyk üçin zerur bolan gurluş üýtgemesini amala aşyrmagyna päsgel berip, onuň öýjüge aralaşmagyna ýol bermedi.
Ebola ýokanjy agyr gan akma bilen geçýän gyzzyrma keselini döredýär. Ýokanç öýjüklere aralaşmak üçin üstündäki GP atly glikoproteinden peýdalanýar. Bu belok iki esasy bölekden — GP1 we GP2-den ybarat. GP1B ýokanjyň öýjüge birikmegine, GP2 bolsa ýokanç bilen öýjügiň membranalarynyň birleşmegine gatnaşýar.
Gözlegçiler ýokanjy saklamagyň başga bir usulyny barlady. Olar GP belogyny ýok etmegiň ýerine, onuň gurluşyny üýtgedip bilmez ýaly derejede durnuklaşdyrmagy maksat edindi. Şol maksat bilen, alymlar her bir birleşmäniň özboluşly DNK belligi bolan birleşmeler toplumyndan 4,73 milliard sanysyny barlady.
Ilkibaşda tapylan MWAC-2600 birleşmesini kämilleşdirmegiň netijesinde alymlar MWAC-3634 atly täze birleşmäni aldy. Ol GP belogy bilen berk baglanyşýar. Hakyky Ebola ýokanjy bilen geçirilen synaglarda bu birleşmäniň 0,65 nanomol konsentrasiýasy wirusyň ýokançlyk güýjüni 50% azaltdy. Şol bir wagtyň özünde, täsirli möçberinden 15 müň esse ýokary mukdarda hem öýjüklere göze görnüp duran zeper ýetirmedi.
Alymlar aşa sowadylan elektron mikroskopynyň kömegi bilen MWAC-3634-üň GP belogynyň iki böleginiň arasyndaky ýörite boşlukda ýerleşýändigini anyklady. Birleşme belogy durnukly ýagdaýda saklaýar. Şol sebäpli ýokanç öýjüge aralaşmak üçin zerur bolan gurluş üýtgemesini amala aşyryp bilmeýär.
Bu usul syçanlarda hem synag edildi. Gözegçilik toparyndaky syçanlaryň 28,6 göterimi diri galdy. Dermany agyz arkaly alan syçanlaryň 85,7 göterimi, garyn boşlugyna sanjym edilen topardaky syçanlaryň bolsa ählisi diri galdy. Synagyň dördünji gününde ganyň düzümindäki ýokanjyň mukdary, gözegçilik topary bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 176 we 4019 esse az boldy.
Emma bu birleşmäni adamlarda synap görmek üçin entek ir. Ilki bilen, onuň häsiýetlerini has-da kämilleşdirmek we beýleki janly-jandarlarda, şol sanda adamlara has ýakyn bolan primatlarda howpsuzlygyny hem-de täsirliligini barlamak zerur.
Gözlegiň netijeleri Nature Communications žurnalynda çap edildi.