Singapuryň premýer-ministri Lourens Wonguň ýyllyk zähmet haky 1,7 mln dollardan 2,8 mln dollara çenli ýokarlandyrylar. Bu onuň zähmet hakynyň 64% ýa-da 1 mln dollardan gowrak artjakdygyny aňladýar diýip, Reuters agentligi ýazýar.
Hökümet baştutanynyň zähmet haky bilen birlikde ministrlere berilýän tölegler hem artdyrylar.
Parlamentde çykyş etmek bilen, Wong hökümetdäki zähmet haklarynyň ýagdaýyny öwrenmeli bolan garaşsyz toparyň ministrleriň zähmet haklaryny artdyrmagyň zerurdygy baradaky netijä gelendigini aýtdy. Singapurda ýokary wezipeli işgärler üçin ýokary zähmet haklary korrupsiýa garşy göreşmegiň esasy usullarynyň biri hökmünde görülýär.
Ozal ministrleriň ýyllyk zähmet haky, takmynan, 870 müň dollara deňdi, indi bolsa olara, takmynan, $1,74 mln dollar tölener. Premýer-ministre bolsa iki essesine deň bolan ministrlik zähmet haky bellenilýär.
Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagy 15-nji oktýabrdan başlap güýje girer. Ministrler goşmaça tölegleri tapgyrlaýyn alar — onuň möçberi «bellibir ýagdaýlara» bagly bolar.
Şeýlelikde, Lourens Wong dünýäde iň ýokary zähmet hakyny alýan syýasatçy adyny saklap galar.