Türkmenistanda ýol howpsuzlygy boýunça bir aýlygyň çäklerinde duşuşyklar geçirilýär

Düýn, 17:445,456

Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat we öwrediji çäreler dowam edýär. Ýurduň ähli sebitlerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde iş toparlarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirilýär.

Duşuşyklar içeri işler edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralýar. Gatnaşyjylara ýol hereketiniň düzgünleri barada gürrüň berilýär we olary diňe bir häzirki aýlygyň dowamynda däl, eýsem yzygiderli berjaý etmegiň zerurdygy nygtalýar. Bu çäreler ýol hereketine gatnaşyjylaryň umumy howpsuzlykda şahsy jogapkärçiligine düşünmegine we olaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşyklarda ýangyn howpsuzlygyna we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmäge hem aýratyn üns berilýär. Bu mowzuklar boýunça hem giňişleýin düşündirişler geçirilýär.