Stiwen King «Kerriniň» täze ekranlaşdyrylyşyny genial iş diýip baha berdi

Düýn, 20:311,361
1 / 2

Stiwen King özüniň «Kerri» atly romanynyň Maýk Flanagan tarapyndan ekranlaşdyrylan täze görnüşine ýokary baha berdi. Ýazyjy bu miniserialy genial iş diýip atlandyrdy we onda sosial ulgamlaryň täsiriniň örän takyk görkezilendigini aýratyn belledi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

«Maýk Flanaganyň “Kerrisi” — genial kino. Onuň sosial ulgamlar barada aýdýanlary hakykata şeýle bir golaý gelýär welin, adamy hakyt haýran galdyrýar» diýip, King belledi.

Serialda baş keşbi Sammеr H. Hauell ýerine ýetirýär. Onuň premýerasy 7-nji oktýabrda Prime Video platformasynda geçiriler. Ýakynda taslamanyň uly treýleri hem görkezildi.

Täze «Kerri» kakasy aradan çykandan soň ilkinji gezek öýüniň daşyndaky uly dünýä bilen ýüzbe-ýüz bolýan adybir ýokary synp okuwçysy barada gürrüň berýär. Gyz mekdepde kemsitmelere we sütemlere sezewar bolýar. Bu ýagdaý tiz wagtda sosial ulgamlara ýaýrap, köpçüligiň ünsüni çeken uly dawa öwrülýär. Şol bir wagtyň özünde, Kerride telekinetiki, ýagny zatlary diňe aňynyň güýji bilen herekete getirmek ukyby ýüze çykyp başlaýar.

Stiwen Kingiň ogly, ýazyjy Jo Hill hem serial barada gowy pikirlerini paýlaşdy. Ol treýleri görenden soň, onuň özünde örän uly täsir galdyrandygyny we hatda gözleriniň nemlenendigini boýun aldy.

«Kerri» romany ilkinji gezek 1976-njy ýylda ekranlaşdyryldy. Braýan De Palmanyň režissýorlyk eden we Sissi Spaçekiň baş keşbi ýerine ýetiren filmi Kingiň eserleriniň iň meşhur ekranlaşdyrylyşlarynyň birine öwrüldi. Soňra filmiň dowamy, telefilm we 2013-nji ýylda Hloýa Greýs Moretsiň baş keşbi ýerine ýetiren täzeden ekranlaşdyrylan görnüşi çykdy.

Flanaganyň täze eseri bolsa «Kerri» romanynyň ilkinji köp bölümli ekranlaşdyrylyşy bolar. 

Ýeri geleninde belläp geçsek, Maýk Flanagan mundan öň Stiwen Kingiň eserleri esasynda «Çakyň durmuşy» atly filmini hem düşüripdi.