83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň esasy baýragyny — «Altyn ýolbarsy» daniýaly režissýor Maý el-Tukiniň «Zenan näbelli» («Kvinde ukendt») filmi aldy.
Bu drama filminde wakalar Ikinji jahan urşundan soňky döwürde bolup geçýär. Mari atly ýaş eneke we öý hyzmatkäri özüniň baý we dul galan hojaýynyna durmuşa çykmaga taýýarlanýar. Emma onuň uruş döwründe nemes esgeri bilen bolan ýakyn gatnaşygy we geçmişiniň gizlin syrlary täze gurjak maşgalasyna we durmuşyna uly howp salýar.
Baş roly janlandyran Matilda Arsel festiwalda iň gowy zenan keşbi üçin Wolpi kubogyna mynasyp boldy.

Uly emin baýragy Li Çhan Donuň «Ähtimal söýgi» («Possible Love») filmine berildi.
Iň gowy režissýorlyk üçin «Kümüş ýolbars» baýragy «Dau» («Дау») filmini düşüren Ilýa Hržanowski gazandy.

Eminleriň aýratyn baýragyna ysraýylly režissýorlar Ýuwal Awraham bilen Rahel Şoruň «NAZA» dokumental filmi eýe boldy.
Iň gowy erkek keşbi üçin Wolpi kubogy «Dokuzynjy belgili sarç at» («Wild Horse Nine») filmindäki roly üçin Jon Malkowiçe berildi. Bu filmi meşhur režissýor Martin Makdona düşürdi.

Iň gowy ssenariý kategoriýasynda «Gowy kiçijik esger» («Un bon petit soldat») filmi üçin Stefan Brize, Korali Amedeo we Oliwýe Gorse ýeňiji boldy.