Amerikaly zenan 43 ýylyň dowamynda 13 müňden gowrak gurbaga ýygnady

Düýn, 11:065,843
1 / 3

Amerikaly Sýuzan Burgos gurbagalar bilen bagly zatlaryň dünýäde iň uly toplumyny ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň toplumynda jemi 13 201 sany eksponat bar. Sýuzanyň bu işe gümra bolup ýörenine 43 ýyl dolupdyr.

Hemmesi 1983-nji ýylda Burgosyň aşhanada tötänden tapan kiçijik agaç gurbagasyndan başlapdyr.

«Agaç gurbagany gören badyma oňa göwnüm gitdi. Bar sebäbem şol boldy. Onsoň, toplumyň düýbüni tutan ilkinji zadymy — gözi zümerretden ýasalan gurbagaly altyn ýüzügi satyn aldym» diýip, Sýuzan Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekillerine gürrüň berdi.

Şondan soň ol syýahat eden ýerlerinde, kataloglarda we gündelik durmuşda gabat gelen gurbaga şekilli dürli zatlary ýygnap başlapdyr. Wagtyň geçmegi bilen onuň kolleksiýasy gurbaga şekilli bezeg şaýlary, oýnawaçlary, egin-eşiklerdir gadymy zatlary öz içine aldy.

Kolleksiýanyň barha köpelmegi bilen, Sýuzan giň garažly ikinji jaýy hem satyn alypdyr.

Amerikaly zenanyň iň gowy görýän eksponatlarynyň arasynda motosiklde oturan, aýdym aýdýan we hereket edýän gurbaga şekilindäki baýker oýnawajy hem bar. Ol The Beach Boys toparynyň «Kokomo» aýdymyny ýerine ýetirýär.

Toplumyň aýratyn bir bölegini gurbaga şekilli bezeg şaýlary düzýär. Sýuzan şeýle köp bezeg şaýlaryny ýygnapdyr welin, olary Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda arçany doly bezemek üçin ulanýar.