Tom Holland kino taryhynda iň köp girdeji getiren aktýor boldy

Düýn, 11:255,214

Tom Holland dünýä kinoprokatynyň taryhynda filmleri iň köp girdeji getiren aktýor boldy. Onuň gatnaşan filmleriniň umumy girdejisi 15,48 milliard dollardan geçdi. Şeýlelikde, 30 ýaşly aktýor Zoi Saldanadan we Skarlett Ýohanssondan öňe saýlandy.

Beýle üstünlige ýetmeginde 2026-njy ýylda çykan iki filmiň täsiri uly boldy. «Möý adam: Täze gün» filmi 2,4 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Kristofer Nolanyň režissýorlyk eden, Hollandyň hem baş keşpleriň birini ýerine ýetiren «Odisseýa» filmi bolsa, takmynan, 1,68 milliard dollar girdeji getirdi. Iki film bilelikde şu ýyl 4 milliard dollar ýygnady.

Holland gatnaşan filmleriniň umumy girdejisi boýunça iň ýaş aktýor hökmünde hem taryha girdi. Mundan başga-da, ol bu sanawyň başyna, beýleki köp aktýorlara garanyňda, has az film bilen çykmagy başardy.

Zoi Saldana ýanwar aýynda «Awatar: Ot we kül» filminiň çykmagyndan soň, takmynan, 15,47 milliard dollarlyk umumy girdeji bilen bu sanawda birinji ýeri eýeläpdi.

Kino taryhynda iň köp girdeji gazanan aktýorlar:

  1. Tom Holland — 15,48 milliard dollar

  2. Zoi Saldana — 15,47 milliard dollar

  3. Skarlett Ýohansson — 15,40 milliard dollar

  4. Kris Pratt — 15,1 milliard dollar

  5. Samuel L. Jekson — 14,6 milliard dollar

  6. Robert Dauni-kiçi — 14,3 milliard dollar

  7. Tom Kruz — 13,3 milliard dollar

  8. Kris Hemswort — 12,1 milliard dollar

  9. Win Dizel — 12 milliard dollar

  10. Kris Ewans — 11,4 milliard dollar

Hollandyň ýakyn wagtda çykjak taslamalarynyň arasynda režissýor Pol Kingiň Fred Aster baradaky terjimehal filmi, Jon Grişemiň «Şärikdeş» romany esasynda düşürilýän film hem-de Ostin Batler bilen bile baş keşbi ýerine ýetirjek «American Speed» atly awtoulag ýaryşy baradaky film bar. «Şärikdeş» filminde Holland prodýuser hökmünde hem çykyş eder.