Türkmenistan Duşenbede geçiriljek halkara gurjak teatrlarynyň festiwalyna çagyryldy

14.09.2026, 18:011,932

Türkmenistanyň teatr toparlary 21–26-njy oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljek «Çodari haýol» VIII halkara gurjak teatrlarynyň festiwalyna gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada Duşenbe şäheriniň Döwlet respublikan gurjak teatryna salgylanyp, «Howar» agentligi habar berýär.

Festiwal Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanar.

Türkmenistandan başga-da, çärä gatnaşmaga Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Hindistandan, Hytaýdan we Mongoliýadan toparlar çagyryldy.

«Çodari haýol» festiwaly Täjigistanda 2007-nji ýyldan bäri iki ýyldan bir gezek geçirilip gelinýär. Onuň esasy maksady gurjak teatry ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden, Täjigistanyň milli gurjak teatryny dikeltmekden we kämilleşdirmekden, şeýle hem ýaş nesliň estetik terbiýesini we dünýägaraýşyny giňeltmekden ybarat.

Türkmenistan bu festiwala ilkinji gezek 2023-nji ýylda gatnaşdy. Şonda festiwalyň maksatnamasy Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň goýan «Baky rowaýatlar» atly oýny bilen açylypdy.