Okuwçylar we talyplar sowgatly bäsleşige çagyrylýar

Düýn, 09:532,209
1 / 2

Türkmenistanda «Näme üçin ozon gatlagyny goramak möhüm?» diýen temada makalalar bäsleşigi yglan edildi. Ol 10–12-nji synp okuwçylarynyň we talyplaryň arasynda geçirilýär.

Çäräni guramaçy hökmünde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi çykyş edýär.

Gatnaşyjylar işlerini türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde ýazyp biler. Makala A4 formatda, 14-nji şrift ölçeginde taýýarlanmaly we göwrümi 2 sahypadan az bolmaly däl.

Ýazylan işler 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabryna çenli kabul edilýär. Makala bilen birlikde gatnaşyjynyň adyny we familiýasyny, okuw jaýyny, ýaşaýan salgysyny we habarlaşmak üçin telefon belgisini görkezmegi gerek.

Işleri guramanyň tebigatchy.jemg@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Elektron poçtanyň temasynda «Ozon-makala» diýip ýazmaly.

Bäsleşigiň jemleri boýunça iň gowy üç makalanyň awtorlary guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin: +(993 12) 37-46-78; +(993 64) 26-84-32.