Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Songkýunkwan uniwersitetiniň «Syýasy ylymlaryň Hormatly doktory» derejesi berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Saparyň çäklerinde döwlet Baştutany 600 ýyldan gowrak taryhy bolan meşhur Songkýunkwan uniwersitetine bardy. Myhmany uniwersitetiň prezidenti Ýu Ji Bom mähirli garşylady. Bu ýerde olar bilelikde Türkmenistanyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda ýeten sepgitlerine we amaly-haşam sungatyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdy.

Soňra uniwersitetiň Uly maslahatlar zalynda döwlet Baştutanyna «Syýasy ylymlaryň Hormatly doktory» derejesini bermek dabarasy geçirildi. Uniwersitetiň prezidenti Ýu Ji Bom öz çykyşynda bu adyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa baý syýasy tejribesini, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly durnukly döwlet ösüşini ýola goýandygyny hem-de Merkezi Aziýada durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny göz öňünde tutup, Aspirantura komitetiniň karary bilen berlendigini mälim etdi.
Ýeri gelende bellesek, 1957-nji ýyldan bäri bu ýokary dereje bary-ýogy 101 adama, şol sanda 2015-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berlipdi.
Dabarada degişli diplom gowşurylyp, ýadygärlik surata düşülenden soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Döwlet Baştutany bu ýokary at üçin minnetdarlyk bildirip, ony iki ýurduň arasyndaky dostlugyň hem-de Türkmenistanyň ýeten derejesiniň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.
Çykyşynyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, talyplary we mugallymlary alyşmagyň hem-de emeli aň, inženerçilik, energetika, sanly tehnologiýalar we senagat menejmenti ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksatnamasyny işläp düzmegiň möhümdigini nygtady. Ol bu başlangyçlara Songkýunkwan uniwersitetiniň işjeň gatnaşmagyna ynam bildirdi.