Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) syýahatçylara diňe bir şäherde dynç almagyň ýerine, ýurduň ýedi emirliginiň ählisine baryp görmäge mümkinçilik berýän UAE Grand Tour syýahatçylyk taslamasy işe girizildi. Onuň çäginde ýurduň birnäçe sebiti bitewi syýahatçylyk ugurlaryna birleşdirildi.
Syýahatlar sekiz tematiki ugur boýunça düzüldi: çöl we alaňlar, daglar we başdan geçirmeler, kenarýaka we tebigat, taryhy miras we galalar, sungat we muzeýler, sagdyn durmuş we dynç alyş, seýil baglar we estetika, şeýle hem meşhur ýadygärlikler.
Her emirlik üçin aýratyn ugur kesgitlenildi. Abu-Dabi medeniýeti we binagärligi, Dubaý döwrebaplygy, Şarja taryhy mirasy, Ras al-Haýma daglary we işjeň dynç alşy, Fujeýra bolsa kenarýakasy bilen tapawutlanýar.
Häzirki wagtda taslamanyň çäginde ýedi sany maksatnama hödürlenýär. Grand Classic we Grand Adventure maksatnamalarynyň her biri 11 gün we 10 gijä niýetlenip, ýedi emirligiň ählisini, şeýle hem Al-Aýn şäherini öz içine alýar.
Grand Eco Friendly maksatnamasy hem 11 gün dowam edýär we tebigy gözel ýerleri gezmäge gönükdirilendir. Syýahatçylyk ugruna Jubail Mangrove Park, Al-Zorah we Al-Marmoom tebigy goraghanalary, Kalba Eco Sanctuary we Sir Bani Yas ýaly tebigaty gözel ýerler girýär.
Grand Wellness maksatnamasy Ajmanyň, Fujeýranyň, Hattanyň, Abu-Dabidäki Saadiyat adasynyň we Al-Aýn oazisiniň üstünden geçýän syýahaty hödürleýär. Maşgalalar üçin niýetlenen Grand Family maksatnamasyna Dubaýa, Ras Al-Haýma, Fujeýra, Ýas adasyna we Al-Aýn haýwanat bagyna baryp görmek girýär.
Iň gysga maksatnama bolan Grand Culture & Heritage 8 gün we 7 gijä, iň uzak maksatnama Grand Beach bolsa 12 gün we 11 gijä niýetlenendir.
Taslama BAE-niň ýurdy köp sanly syýahatçylyk merkezlerini özünde jemleýän bitewi syýahatçylyk ugry hökmünde tanatmak strategiýasynyň bir bölegidir.