18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyndaky ileri tutulýan garaýyşlara hem-de halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan brifing geçirildi.
Diplomatlaryň, halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen çärede ýurduň daşary syýasatdaky esasy çemeleşmeleri, şeýle-de sessiýanyň çäklerindäki işiniň esasy ugurlary beýan edildi.
Duşuşykda hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ilerletmek, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, halkara ynamy pugtalandyrmak we jedelleri parahatçylykly çözmek baradaky başlangyçlara aýratyn üns berildi.
Brifingiň ykdysady hyzmatdaşlyga bagyşlanan bölüminde Türkmenistanyň halkara söwda-ykdysady düzümleri we maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy barada maglumat berildi.
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulyşmak işi, 2026–2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulag boýunça onýyllygy hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň Ählumumy atlasyny işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellenildi.
Ekologiýa we energetika ulgamynda durnukly energetikany ösdürmek, Hazar ekologik başlangyjyny durmuşa geçirmek we Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek meselelerine garaldy.
Ynsanperwer ugurda saglygy goraýyş, bilim, ýaşlar syýasaty, zenanlaryň ornuny giňeltmek we medeni mirasy gorap saklamak barada durlup geçildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilendigi aýratyn nygtaldy.
Brifingiň ahyrynda gozgalan meseleler boýunça çärä gatnaşyjylar bilen pikir alşyldy.