Afisha Daily-niň berýän habaryna görä, erkekleriň tas 90%-i diýen ýaly ömründe, iň bolmanda, bir gezek işdeş zenanyna aşyk bolup görüpdir. Olaryň 38%-inde bu duýgy soňra hakyky gatnaşyga öwrülipdir. Munuň şeýledigine Mamba tanyşlyk hyzmaty tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleri güwä geçýär.
Erkekler, köplenç, başga bölümde işleýän zenan kärdeşlerine (26%) ýa-da özleri bilen deň derejedäki wezipede işleýän zenanlara (25%) üns beripdir. Şol bir wagtyň özünde erkekleriň 48%-i iş ýerini täze biri bilen tanyşmak üçin amatly ýer hasaplaýar. Bu görkeziji zenanlaryňkydan (12%) dört esse ýokary.
Zenanlar bolsa iş ýerindäki söýgi gatnaşyklaryna has ätiýaçly çemeleşýär. Olaryň 48%-i iş bilen şahsy durmuşy garyşdyrmazlygy makul bilýär, 44%-i bolsa hiç haçan işdeşi bilen halaşmajakdygyny aýdýar. Muňa garamazdan, zenanlaryň üçden iki bölegi diýen ýaly, iň bolmanda, bir gezek işdeşine magşuk gözi bilen garapdyr. Olaryň 30%-inde bu gyzyklanma hakyky gatnaşyga öwrülipdir, 19%-inde diňe bir lak atyşmak bilen çäklenipdir, 15%-i bolsa duýgularyny hiç wagt bildirmän saklapdyr.
Kärdeşine bolan gyzyklanmada onuň iş ýerindäki özüni alyp barşy täsir edýär. Zenanlary düşnüksiz zady arkaýynlyk bilen düşündirip bilýän (20%), çylşyrymly taslamany üstünlikli ýerine ýetirýän (14%) ýa-da işi öz wagtynda, artykmaç jan ýakman bitirýän (14%) erkekler özüne çekýär.
Erkekler bolsa işiň bitmeli wagty golaýlasa-da darykman, özüni arkaýyn alyp baryp bilýän zenanlara (16%), özleriniň düşünmedik zadyny düşündirip bilýänlere (15%) we çylşyrymly taslamadan aňsat çözgüt tapyp bilýänlere (9%) üns berýär.
Zenanlar işdeşiniň özlerine bolan gyzyklanmasyny, köplenç, onuň ýanlarynda bolmak üçin bahana gözleýşinden (42%), iki bolup kofe ýa-da günortanlyk edinmäge çagyrmagyndan (34%), agşam iş bilen baglanyşykly bolmadyk zatlar barada hat ýazmagyndan (33%) ýa-da öwgüli söz aýdyşyndan (31%) aňýar.
Zenanlaryň esasy gorkusy — gatnaşyklar tamamlanan ýagdaýynda öňki aşygyny her gün iş ýerinde görmeli bolmakda jemlenýär (44%). Şeýle-de olaryň 33%-i kärdeşleriniň gep-gürrüňlerinden ýaýdanýar, 14%-i bolsa karýerasyna ýaramaz täsir etmeginden çekinýär.
Şol bir wagtyň özünde erkekleriň 45%-i we zenanlaryň 40%-i iş ýerindäki söýgi gatnaşyklarynyň, eger iki tarap hem muny oňlasa, geljekde çynlakaý gatnaşyga öwrülip biljekdigini inkär etmeýär.