2030-njy ýyla çenli dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda 11,1 million işgär ýetmezçilik edip biler. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) 100-den gowrak ýurduň maglumatlaryna esaslanýan hasabatyna görä, 67 ýurt saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki derejesini saklamak üçin zerur işgärleriň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.
Esasy sebäpleriň biri hünärmenleriň garramagy bilen baglydyr. Geljek on ýylda ähli tejribeli lukmanlaryň dörtden bir böleginiň pensiýa çykmagyna garaşylýar. Bu mesele, esasan, ýokary girdejili ýurtlarda has-da bildirer: bu döwürde her üç lukmanyň biri pensiýa çykyp biler.
Şol bir wagtyň özünde ýetmezçiligiň agramly böleginiň baý ýurtlarda, esasanam, Ýewropada ýüze çykjakdygy çaklanylýar. BSGG saglygy goraýşa mätäç ilatyň hem, ony üpjün edýän hünärmenleriň hem garraýandygyny belleýär.
Hünärmen ýetmezçiligi baý ýurtlaryň daşary ýurtly saglygy goraýyş işgärlerine garaşlylygyny artdyryp biler we öz gezeginde, üpjünçiligi pes sebitlerdäki hünärmenler bilen bagly ýagdaýa hem täsirini ýetirer.
Saglygy goraýyş işgärleriniň häzirki ýagdaýyny ilat sanyna görä saklamak üçin, dünýäde goşmaça ýene 832 000 töweregi hünärmen gerek bolar.