Italiýanyň polisiýasy 20 ýyl öň ogurlanan suraty emeli aňyň kömegi bilen tapdy

Şu gün, 13:401,254
1 / 2

Italiýanyň karabinerleri, takmynan, 20 ýyl ozal ybadathanadan ogurlanan XVII asyra degişli suraty emeli aňyň kömegi bilen tapdylar. Keramatly Agnessa Rimliniň şekillendirilen suraty Parma şäherindäki gadymy zatlar satylýan ýarmarkada ýüze çykaryldy. Jenaýatçylaryň surata üýtgeşme girizendigine garamazdan, ony tapmak başartdy diýip, BBC habar berýär.

Ogurlanan sungat eserlerini gözlemek üçin polisiýa Swoads ulgamyndan peýdalanýar. 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri bu ulgam 300-den gowrak uly göwrümli suraty we heýkeli, şeýle-de umumy bahasy 203 million ýewrodan geçýän 165 müňden gowrak teňňäni, medaly hem-de golýazmany tapmaga kömek etdi.

Algoritm sungat eserleriniň daşky görnüşindäki aýratynlyklary — reňk öwüşginlerini, şekillerini we beýleki tapawutlandyryjy alamatlaryny seljerýär. Ol şekile üýtgeşmeler girizilenden soň hem eseri tanamaga ukyplydyr.

2004-nji ýylda Sulmona şäherindäki ybadathanadan ogurlanan suratyň tapylmagyna-da hut şu ulgam ýardam etdi. 2024-nji ýylyň oktýabrynda polisiýa işgärleri Parma şäherindäki gadymy zatlaryň ýarmarkasynda görkezilen eserleri surata düşürip, maglumatlar binýadyna ýükläpdirler. Şol suratlaryň arasynda elinde dolanan kagyz saklaýan ýaş zenanyň şekillendirilen eseri hem bolupdyr. Ulgam bu şekil bilen ýiten keramatly Agnessanyň suratynyň arasynda meňzeşligi ýüze çykardy.

Barlagyň netijesinde ogrularyň asyl eseriň birnäçe aýratynlygyny üýtgedendigi anyklandy. Olar suratdaky guzynyň ýerine dolanan kagyzy çekipdirler, şeýle-de keramatlynyň başynyň töweregindäki nimbi we elindäki palma şahasyny pozupdyrlar.

Şeýle ýagdaýlarda kömegi degse-de, emeli aň derňewçileriň işiniň ornuny tutmaýar. Algoritm meňzeşligi ýüze çykarmaga ukyply, emma eseriň gelip çykyşyny anyklamak we ony kanuny eýelerine gaýtaryp bermek üçin goşmaça derňew işlerini geçirmek hem-de hukuk goraýjy edaralaryň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr.

Häzirki wagtda Italiýa 2027-nji ýyla çenli ogurlanan medeni gymmatlyklary has netijeli ýüze çykarmaga mümkinçilik berjek sungat eserlerini kesgitlemegiň halkara ulgamyny döretmegi meýilleşdirýär.