Netflix «Kolonizatorlar» stol oýny esasynda filmleri we seriallary surata düşürer

28.10.2025, 12:491,243

Netflix meşhur stol oýny bolan «Kolonizatorlary» (Catan) ekranlaşdyrmaga degişli eksklýuziw hukuklary satyn aldy diýip, Deadline habar berýär. Şertnama laýyklykda, platforma oýun esasynda filmleri, multfilmleri we seriallary döretmegi meýilleşdirýär.

«Kolonizatorlaryň» ilkinji wersiýasy 1995-nji ýylda çykypdy. Şondan bäri oýun 40-dan gowrak dile terjime edildi, onuň umumy satuwy bolsa 45 million nusgadan geçdi. Oýunda 3–4 oýunçy Katan adasyny özleşdirýär, ilatly ýerler we ýollar gurýar, resurslary gazanýar hem-de goşun  döredýär.

«Kim “Kolonizatorlary” oýnan bolsa, oýnuň düýp strategiýasynyň çynlakaý çaknyşykly wakalar üçin çäksiz mümkinçilik döredýändigini bilýändir. Biz bu dünýäni çynlakaý oýunçylar hem-de täze muşdaklar üçin janlandyrmak maksady bilen seriallar, doly metražly filmler, animasiýa we oýunlar boýunça hyzmatdaşlyga begenýäris» diýip, Netflix-iň ABŞ we Kanadadaky asyl seriallar bölüminiň ýolbaşçysy Jenni  Hau belledi.

Mundan ozal hem Netflix beýleki oýunlary ekranlaşdyrypdy: «Arcane», «Patlaýan pişijekler», şeýle hem häzirki wagtda Assassin’s Creed, Cluedo we «Monopoliýa» oýunlarynyň esasynda seriallar hem-de realiti-şowlar taýýarlanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.