Mary welaýatynyň gaz känindäki guýudan kükürtsiz gaz akymy alyndy

Düýn, 19:256,136

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän gaz känindäki 04 belgili ulanyş guýusyndan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy.

Gazçylar tarapyndan 2916 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, ýer astyndaky 2860 — 2858 metr aralyklardaky gatlaklardan gije-gündizde çykymy 700 müň kub metrden gowrak bolan arassa metan gazy alyndy. Ýokary ekologik gymmatlygy bilen tapawutlanýan bu kükürtsiz tebigy gaz akymynyň alynmagy ýurduň energetika kuwwatynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň uglewodorod serişde binýadyny netijeli ulanmak we ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça strategiýa üstünlikli amala aşyrylýar. «Galkynyş» gaz käniniň guýularynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de düýpli özleşdirilmegi toplumyň eksport kuwwatynyň artmagynda möhüm orny eýeleýär we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çekýär.

Täze gaz akymynyň alynmagy bolsa uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberini artdyrmaga we energiýa serişdeleriniň eksportyny köpugurly esasda ösdürmäge goşmaça mümkinçilik berer.

Pudakda işleri guramagyň täzeçil usullary, sanly ulgamlar işjeň ulanylyp, maddy-enjamlaýyn binýat yzygiderli berkidilýär. Döwlet energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurduň uglewodorod kuwwaty milli ykdysadyýetiň ösüşine we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.