UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin FIFA-nyň prezidenti wezipesine dalaşgär bolmajakdygyny tassyklady. Bu barada ol «The Rest is Politics» britan podkastyna beren interwýusynda aýtdy.
FIFA-nyň ýolbaşçysynyň nobatdaky saýlawlary 2027-nji ýylyň martynda Marokkonyň paýtagty Rabatda geçirilmeli.
«Men FIFA-nyň prezidentligi wezipesine gyzyklanma bildiremok. UEFA-ny we ol ýerde alyp barýan işim göwnüme ýaraýar. Ikinji tarapdan: bu wezipeden uzagrakda dursam, öz abraýymam, maňa bolan ynamam has ýokary bolar» – diýip, Çeferin düşündirdi.
Häzirki wagtda FIFA-da Janni Infantino ýolbaşçylyk edýär. Çeferiniň pikiriçe, guramanyň häzirki prezidentiniň öňünde iki ýol bar: ýa-ha Infantino ýeterlik goldawynyň ýokdugyna düşünip, saýlawlara gatnaşmakdan ýüz öwrer, ýa bolmasa öz dalaşgärligini hödürläp, bäsdeş bilen ýüzbe-ýüz bolar. Çeferin oňa garşy kimiň dalaşgär boljakdygyndan bihabardygyny aýtdy.
58 ýaşly sloweniýaly 2016-njy ýylyň sentýabrynda UEFA ýolbaşçy bellenipdir we bu wezipä iki gezek gaýtadan saýlandy. Mundan başga-da, ol FIFA-nyň wise-prezidentidir.
UEFA bilen FIFA-nyň ýolbaşçylarynyň arasynda soňky wagtlarda dünýä çempionatyna bolan täjirçilik hukuklarynyň bir bölegini satmagy göz öňünde tutýan «FIFA Forward Enterprise» taslamasy sebäpli dartgynlyk döredi. Infantino bu pikirden ýüz öwrenden soň, UEFA, KONKAKAF we AFK onuň hereketlerini garaşsyz derňewden geçirmegi talap etdi.
Birnäçe milli federasiýalar, şol sanda Wels, Şwesiýa, Serbiýa, Irlandiýa, Şotlandiýa we Ysraýyl öňümizdäki saýlawlarda Infantinony goldamajakdyklaryny açyk mälim etdiler.