Toyota Ýewropa bazary üçin Corolla-nyň üç kuzowda ýörite wersiýalaryny çykardy

Şu gün, 11:133,421
1 / 7

Toyota kompaniýasy Corolla-nyň 60 ýyllygy mynasybetli Ýewropa bazary üçin modeliň ýörite wersiýasyny taýýarlady. Ýubileý wersiýa birbada üç görnüşde — sedan, hetçbek we uniwersal kuzowda çykarylar. Üstesine-de kompaniýa bularyň önümçilik sanyny çäklendirmegi hem meýilleşdirmeýär.

Hetçbek bilen uniwersal täze New Doreal Blue reňkinde, gara üçekli görnüşde çykarylar. Şeýle hem olara 17 dýuýmlyk tigir diskleri, bamperler we bosagalar üçin goşmaça örtükler göz öňüne tutular. Sedan hem şuňa meňzeş bezege eýe bolar, ýöne onuň kuzowynyň reňki birneme tapawutlanar.

Salonda ýörite halyçalar, bosagalarda bolsa nyşanlar peýda bolar. Ýubileý ulaglaryň standart enjamlaryna 12,3 we 10,5 dýuým ölçegli multimediýa ulgamlary hem-de Toyota Safety Sense sürüjä kömek ulgamy girer.

Hetçbek we uniwersal üçin iki sany hereketlendiriji – 140 at güýjüne eýe bolan 1,8 litrlik we 178 at güýçli 2,0 litrlik motorlar göz öňünde tutuldy. Sedanyň hereketlendirijisi pesräk bolar.

Ýubileý Corolla-lar üçin sargytlar eýýäm kabul edilip başlandy, ilkinji müşderilere ulagy oktýabrda eltip bermek meýilleşdirilýär.

Bu ulaglar Corolla-nyň häzirki nesli üçin şol bir wagtda hoşlaşyk wersiýasy bolaýmagy hem ähtimal. Iýul aýynyň ahyrynda Ýaponiýadaky kärhanalaryň birinde Toyota-nyň öz işgärlerine täze modeli görkezendigi barada habarlar bar.

Ýakynda Toyota Corolla-nyň amerikan bazaryna niýetlenen ýubileý wersiýasy hem görkezildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.