HBO Max «Harri Potter» esasynda taýýarlanan serialyň başlangyç möwsüminiň treýlerini hödürledi. «Harri Potter we jadygöýiň daşy» diýlip atlandyrylýan birinji bölüm 25-nji dekabrda görkeziler.
Täze treýlerde kitabyň esasy wakalarynyň ählisi diýen ýaly görkezilýär. Onda Harri Potteriň ýörite «Hogwarts-ekspress» otlusy bilen jadygöýlik mekdebine gidişinden başlap, okuwçylaryň fakultetlere bölünişi, kwiddiç ýaryşy we troll bilen söweşe girişi hem bean edilýär.
Harriniň keşbini täze serialda Dominik Maklaflin, onuň dostlary Ron bilen Germionanyň keşplerini bolsa, degişlilikde, Alastar Stout we Arabella Stanton janlandyrýar. Kitap bilen birmeňzeş atlandyrylan ilkinji möwsüm sekiz bölümden ybarat bolar.
Serialyň sazyny Hans Zimmer ýazýar.
Taslamanyň baş operatory Adriano Goldmanyň aýtmagyna görä, Hogwarts mekdebi eýýäm ilkinji bölümiň ahyrynda peýda bolýar.
Şeýle hem ilkinji möwsümde Jinni Wizliniň roluny oýnaýan Greýsi Kokranyň «garaşylmadyk ýagdaýlar» sebäpli soňraky möwsümlere gatnaşyp bilmejekdigi belli boldy. Onuň ýerine başga aktrisa çagyrylar.
Ikinji möwsümde «Tagtlar oýny» serialyndaky Jon Snou keşbi bilen tanalýan Kit Harington hem seriala goşular. Ol Zerboş Burmanyň (Gilderoy Lockhart) keşbini ýerine ýetirer. Harington bu gahrymany 2025-nji ýylda çykan «Harri Potter: Doly aktýorlar düzümi bilen audiokitap» neşirinde hem seslendiripdi.