Wenesiýa halkara kinofestiwaly başlady: ol Denni Boýluň «Syýa» filmi bilen açyldy

Şu gün, 11:43293
1 / 6

Italiýanyň Lido adasynda 83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwaly badalga aldy. Dünýäniň üç sany esasy kinofestiwallarynyň biri bolan bu çäre 12-nji sentýabra çenli dowam eder.

​Ozal hem habar berşimiz ýaly, açylyş dabarasynda amerikaly aktýor, režissýor we prodýuser Jorj Kluni dünýä kinematografiýasyna goşan goşandy üçin «Altyn ýolbars» baýragyna mynasyp boldy. Aktýor indi näçenji tomusdyr, öz ýanýoldaşy Amal bilen Italiýadaky Komo kölüniň boýunda ýaşaýar.

​Kaşaň geýnen Kluni bilen aýaly gyzyl halyçanyň üstünde peýda bolanlarynda hemmeleriň gözleri olara dikildi. Kameralaryny ymykly olara gezän suratçylar festiwaly açan «Syýa» (Ink) atly filminiň režissýory Denni Boýly tasdanam ýatdan çykarypdylar.

​«Syýa» terjimehal dramasyndaky wakalar 1960-njy ýyllaryň ahyrynda bolup geçýär. Gaý Pirs söwda ägirdi Rupert Mördogyň, Jek O’Konnell bolsa Mördoga degişli bolan Britaniýanyň The Sun tabloidiniň redaktory Larri Laembiň keşbini janlandyrýar.

​Filmde bu gazetiň Britaniýanyň media we jemgyýetçilik durmuşyna nähili täsir edendigi barada gürrüň berilýär. Filmiň ABŞ-da görkezmek hukugyny Netflix satyn aldy. Amerikan metbugaty eýýämden bu filmi Oskar baýragyna dalaş etjekleriň biri diýip hasap edýär.

​Festiwalyň bu ýylky esasy maksatnamasynda, beýlekiler bilen bir hatarda, Werner Hersog, Martin Makdona, Hirokadzu Koreeda, Keýsi Afflek, Florian Zeller, Nanni Moretti, Ali Asgari, Li Çhan Don we Ilýa Hržanowskiý ýaly režissýorlaryň täze filmleri görkeziler.

​Festiwalyň başlanmagyna birnäçe hepde galanda, Wenesiýanyň esas maksatnama ýene bir filmi goşmakçy bolýandygy hakynda gürrüňler ýaýrady. Ol Ýuwal Abraham bilen Rahel Şoryň düşüren «NAZA» atly dokumental filmi bolup çykdy. Parahatçylyga çagyrýan bu film 2025-nji ýylda Oskar baýragyny alan «Başga ýurt ýok» atly meşhur dokumental filmiň döredilmegine gatnaşan topar tarapyndan düşürildi.

​Bu ýylky festiwalda uly Holliwud premýeralary az. Oňa derek amerikaly garaşsyz kinostudiýalaryň taslamalaryna has köp üns berilýär.

​Esasy bäsleşigiň eminler toparyna amerikaly aktrisa we režissýor Meggi Jillenhol baştutanlyk edýär.

Wenesiýa festiwaly däp bolşy ýaly, täze kinomöwsümiň baýraklaryna dalaş edýän filmleriň ilkinji görkezilişi üçin möhüm meýdança hasaplanylýar. Oskar baýragynyň «Iň gowy erkek keşbi» we «Iň gowy zenan keşbi» ugurlaryndaky soňky 10 ýeňijiniň sekizisiniň, şeýle hem «Iň gowy režissýor» ugrundaky soňky 13 ýeňijiniň sekizisiniň filmleri ilkinji gezek hut şu ýerde görkezilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.