Filmiň ilkinji görkezilişine heniz üç aý töweregi wagt bar hem bolsa, Demirgazyk Amerikada «Ar alyjylar: Kyýamat güni» (Avengers: Doomsday) filminiň öňünden satylan peteklerinden düşen girdeji eýýäm 50 million dollardan geçdi. Bu barada Deadline habar berýär.
Tomaşaçylar premium formatlara hem uly gyzyklanma bildirýär. Öňünden satylan petekleriň 70 göterimden gowragy sertifikatlanan Infinity Vision kinoteatrlaryna degişlidir.
Marvel kino äleminiň täze bölümi Demirgazyk Amerikada 18-nji dekabrda tomaşaçylara hödürlener. Ýöne şol gün Deni Wilnýowyň «Alaňlar: Üçünji bölüm» filminiň hem premýerasyna garaşylýar. Wilnýowyň bu filmi açylyş hepdesinde IMAX kinoteatrlarynda tomaşaçylara görkeziler.
«Ar alyjylar: Kyýamat güni» filminiň ilkinji görkezilişinden öň, Marvel janköýerleri üçin özboluşly öý işini hem taýýarlady. Studiýa Marvel kino äleminiň täze bölüminden öň tomaşa etmek maslahat berilýän, jemi dowamlylygy 42 sagatlyk filmleriň we teleseriallaryň sanawyny çap etdi.