Pompeýde kosmetik serişdeler we gymmat bahaly şaý-sepler saklanan şkaf tapyldy

Şu gün, 15:041,900
1 / 6

Arheologlar Italiýanyň gadymy Pompeý şäherinde kosmetik serişdeler, şaý-sepler, gap-gaçlar we 38 sany bürünç teňňe saklanan şkafy tapdylar. Bu tapyndy biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagyndan öň şäher ilatynyň gündelik durmuşynyň käbir aýratynlyklaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Şkaf Pompeýiň merkezi böleginde ýerleşýän, «Kornelius Maksimusyň öýi» diýlip atlandyrylýan binadan tapyldy. Onuň içindäki zatlaryň arasynda jübtek, kosmetik serişdeleri taýýarlamak üçin ulanylan gap, hoşboý ysly suwuklyklar üçin çüýşe we hoşboý ysly otlar ýakylýan gap bar. Olaryň golaýynda bürünç çyra we agaçdan ýasalan kiçijik gapyrjak hem tapyldy. Gapyrjagyň özi saklanyp galmasa-da, onuň yzlary ýüze çykaryldy. Alymlaryň çaklamagyna görä, onda söwda işlerinde ulanylan gurşun agram daşlary saklanypdyr.

Şkafdan bürünçden, aýnadan we keramikadan ýasalan gap-gaçlar hem tapyldy. Şahsy goşlaryň arasyndan bolsa azyndan 24 sany kiçijik asma şaýdan düzülen monjuk ünsüňi çekýär. Olaryň käbiri faýansdan, süňkden, aýna görnüşli materialdan we dag hrustalyndan ýasalypdyr. Şaýlaryň ählisinde asmak üçin deşikler bar. Olarda dürli hudaýlaryň (Besiň we Merkuriniň şekilleri), dabanlaryň, elleriň, çam agajynyň gozalarynyň we üzüm salkymlarynyň şekilleri ýerleşdirilipdir.

Gözlegçiler bu monjugy gadymy rim dünýäsinde belli bolan crepundia atly çagalar üçin niýetlenen tumarly bezeglere degişli edýärler. Şeýle şaý-sepler çagalary dürli howp-hatarlardan goramak maksady bilen sowgat berlipdir. Olaryň käbiri, çaganyň hereketini ses arkaly aňyp biler ýaly, şaňňyrdawuk oýunjak hökmünde hem ulanylypdyr. Emma käbir adamlar bu şaý-sepleri ýakyn hossarlaryndan ýa-da ömrüniň şol günlerinden ýadygärlik hökmünde ulanansoňlaram saklapdyrlar.

Tapyndylaryň ýene biri ösümlik süýümlerinden örülen sebetde saklanan 38 sany bürünç teňňeden ybarat kiçijik hazynadyr. Gözlegçileriň pikiriçe, teňňeleriň we beýleki gymmat bahaly zatlaryň öýde galmagy, wulkanyň atylan wagty öý eýeleriniň emläklerini alyp çykyp ýetişmändiginden habar berýär. Olaryň aman galandygy ýa-da heläkçilikde aradan çykandygy häzirlikçe näbelli. Arheologlar öý eýeleriniň ykbalyny anyklap bilmediler.

«Pompeý diňe bir ajaýyp sungat eserleriniň mekany bolman, eýsem, iň ýönekeý durmuş goşlarynyň üsti bilen geçmişdäki adamlaryň durmuşyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän ýerdir. Bu tapyndynyň gymmaty bir ömrüň dürli yzlaryny — şahsy endikleri, zähmeti we ýatlamalary bilelikde öwrenmäge şert döredýändigindedir» diýip, Arheologiýa seýilgähiniň direktory Gabriel Suhtrigel belledi.

Gazuw-agtaryş işleri öýüň gurluşy barada hem täze maglumatlary ýüze çykardy. Binanyň öň tarapyny alymlar 1912-nji ýylda öwrenipdiler. Häzirki barlaglar bolsa onuň aňyrsynda ýerleşýän otaglaryň bir bölegini öz içine aldy. «Kornelius Maksimusyň öýi» diýen at bolsa, ozalky tapylan ýazgylar bilen baglanyşyklydyr.

Diwarlardaky nepis nagyşly suratlar öý eýeleriniň ýeterlik derejede gurply ýaşandygyny görkezýär. Muňa garamazdan, wulkan atylan wagty öýde abatlaýyş işleri dowam eden bolmaly we şol sebäpli otaglaryň käbirinde ýaşalmandyr.

Beýleki tapyndylaryň arasynda ýokarky gatdaky tekjede duran uly küýzäniň içinden tapylan azyndan iki sany ýaş tokaý syçanynyň galyndylary hem bar. Süňkleriň 117 böleginiň seljermesi olaryň, ähtimal, Apodemus sylvaticus görnüşine degişlidigini görkezdi. Bu gemrijiler, adatça, tebigy ýerlerde we baglarda ýaşaýarlar. Emma iýmit gözläp adamlaryň ýaşaýan jaýlaryna-da aralaşyp bilýärler.